Noýabr aýynyň 18-de Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň çäginde 1-nji we 2-nji ýyl talyplaryň arasynda “Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýoly”, “Meniň Watanym” ady bilen döredijilik we şekillendiriş sungaty boýunça bäsleşigini gurnady. Onda talyp ýaşlar golaýlap gelýän baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny hem-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýetilen belent sepgitleri gazanylan ösüşleri ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak hem-de mekdebiň ajaýyp täsin tebigaty ýaly şekilleri ak ýürekden şekillendirdiler. Bäsleşikde talyplar biri-birinden ajaýyp şekilleri ýerine ýetirdiler. Olar özlerine bildirilýän, hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamyndan ruhlanyp, joşgun alyp, ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp özleriniň zehinlerini, ukyp başarnygyny açyp görkezýärler, zehinlerini ýüze çykarýarlar. Ata-Watanymyzyň şan-şöhratyny belende galdyrmakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Netijede emin agzalaryň, mekdebiň mugallymlarynyň gelen netijelerine laýyklykda I-nji orna Sanly ykdysadyýet 101-nji toparyň talyby Kakabaýewa Ogulsona we Sanly ykdysadyýet 201-nji toparyň talyby Garlybaýewa Aýgözel. II-nji orna Ýer gurluşy we kadastry 201-nji toparyň talyby Orazmedowa Ejeş we Gaýtadan işlemek 201-nji toparyň talyby Şammyýewa Laçyn. III-nji orna bolsa Sanly ykdysadyýet 101-nji toparyň talyby Jumanowa Baýramgül we Ykdysadyýet we önümçiligi guramak 101-nji toparyň talyby Allaberdiýewa Uzukjemal dagylar mynasyp boldular. Ýeňiji bolan talyplara mekdebiň hormat hatlary we sowgatlary dabaraly gowşuryldy. Talyp ýaşlar özlerine okamana, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga ähli şertleri döredip berýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sagbolsun aýtdylar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby: Azada Orazowa