Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan özüniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkitmek ugrunda toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz-tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly aladalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň oba hojalygyny, şol sanda maldarçylyk pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmeklik bu ugurdaky işleriň baş ugurlarynyň biridir. Maldarçylyk oba hojalygynyň möhüm we ekerançylyga garanyňda has girdejili pudaklaryndan biri hasaplanylýar. Bu pudak ekerançylyk bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekerançylykda ekilen ähli ekinleriň galyndy otlary, däneleriniň harpygy oba hojalyk mallaryna iýmlik hökmünde ulanylýar. Maldarçylygyň esasy pudaklaryndan dowardarçylyk, iri şahly maldarçylyk, gylýalçylyk, düýedarçylyk, ýüpekçilik, balaryçylyk, balykçylyk döwletimiz üçin juda häsiýetlidir. Maldarçylyk pudagynyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda institusional-hukuk esaslarynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi üçin ylmyň soňky gazananlaryny, häzirkizaman usullaryny we tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak meselesi döwlet tarapyndan barha kämilleşdirilýär. Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Agroişewürlik merkeziniň guramagynda okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýatyndaky maldarçylyk toplumynda buhgalterçilik hasabynyň esaslarynyň ýöredilişi we salgyt salnyşy barada talyplar bilen göçme okuwlary guraldy. Bu okuwyň esasy maksady talyp ýaşlara bu toplumda alnyp barylýan buhgalterçilik hasabynyň ýöredilişi bilen bagly alnyp barylýan işleriň iş ýüzünde görkezmek hem-de talyplaryň buhgalterçilik hasabynyň okaýan dersleri bilen has-da ysnyşyklydygyna aýdyň göz ýetirmek maksady bilen gurnaldy. Häzirki wagtda ýurtda bir wagtyň özünde gara mallary köpeltmek boýunça iri häzirki zaman maldarçylyk toplumlarynyň birnäçesi gurulýar. Bu bolsa sarp edijileri et-süýt önümleri bilen üpjün etmek meselesini çözmäge, şeýle hem eti we süýdi eksport etmäge mümkinçilik berer. Bu toplumda saýlama tohumly ýokary hilli tohumly oba hojalyk mallaryny saklamak üçin öňdebaryjy enjamlar üpjün edilendir.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy, Agroişewürlik merkeziniň guramaçysy: E.Welmedow