Daşoguz agrosenagat orta hünär mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda talyp gyzlar bilen “Eneleriň göreldesi-nesilleriň ýörelgesi” atly arassaçylygy we şahsy gigiýenany berjaý etmek barada gürrüňdeşlik geçirdi. Onda mekdebiň zenanlar guramasy gelin-gyzlarda türkmeniň millilik, edep-ekramlylyk häsiýetlerini terbiýelemek barada aýtdylar. Gyz edebi, ahlak arassalygy hem-de halkymyzyň ene-mamalarymyzdan gelýän ajaýyp däp-dessurlary, millilik ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň bermek bilen ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup, ýaşlar üçin ählitaraplaýyn giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdy. Gynansakda talyp gyzlaryň arasynda ýüze çykýan dürli ýaramaz endikler biziň milletimiziň aslyna gelişmeýän hereketlerdigini aýdyp, talyp gyzlaryň ahlak taýdan arassa we sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmeginiň ähmiýetini belledi. Ýurdumyzda, jemgyýetimizde zenanlara uly sarpa we hormat goýulýandygyny aýdyp, talyp gyzlara ene-mamalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly bolmaklaryny wagyz etdi. Gyzlara sagdyn durmuş ýörelgesi, ahlak arassalygy, şahsy gigiýena talaplary we dürli ýokançly kesellerden daşda bolmak ýaly medesina bilen bagly gyzykly gürrüňleri berdi we talyp gyzlara saglyklaryny gorap, halkymyzyň millilik ýörelgelerine eýerip ýaşamaklaryny wagyz etdi. Gyzlara millilik ýörelgelerimize eýerip, gyzlara mahsus häsiýetleri özünde jemläp, arassa ahlakly bolmaklaryny wagyz etdi.
Talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän çäreleri güýçlendirip, olaryň tertip-düzgünini pugtalandyrmak ugrunda wagyz-nesihat çärelerini ýaýbaňlandyrjakdyklaryny aýtdy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuwlap, ýygnagy jemledi.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Akbibi Taýlakowa