“Ýaşlar, ösüş we geljek”

Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde talyp ýaşlaryň ylymly-bilimli, sowatly bolup ýetişmekleri barada Hormatly Prezidentimiziň ähli mümkinçilikleri döredýändigini aýtmak bilen, olaryň oňat bahalar bilen okamaklaryny ylymly bilimli adamlar bolup gelejekde watany dolandyrmaklary üçin olaryň okuw jaýynda we mekdepden daşarda jemgyýetçilik tertip düzgünini pugta berjaý etmelidikleri, ähli hereketleriň tertip düzgünden başlanýandygyny şonuň ýalyda talyplaryň bellenilen mekdep lybasyny talaba laýyk geýip mekdepden birugsat galmazlyklary, olaryň ýolda ýöränlerinde ýörite niýetlenen ýanýodalardan ýöremelidikleri, ýollary kesip geçenlerinde ýörite niýetlenen pyýada geçelgelerden geçmelidikleri şonuň ýaly-da ýol çyralaryna ünüs bermelidikleri barada giňişleýin düşündirdi. Motoulag, awtoulag dolandyrmazlyk, howa şertleriniň sowamagy bilen akar ýaplarda we köllerdäki suwlaryň doňmagy netijesinde, şikes almaklarynyň ýa-da betbagtçylykly hadysalara uçramaklarynyň öňüni almak barada gürrüňler edildi.

Durmuşyň, ýaşaýşyň gözelligi ýaşlykda, ýaşlyk joşgunynda jemlenendir. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Biziň türkmen gyzlarymyzyň ahlak taýdan arassa, durnukly, ene-mamalarymyza mahsus edep ekramly, uýat-haýaly bolup, durmuşa çykmazdan, maşgala gurmazdan öň haýsydyr bir jemgyýete peýdaly hünäriň, käriň eýesi bolmalydyklary barada giňişleýin düşündirdi, şeýle hem talyplaryň kafe-barlarlara, diskotekalara barmazlyklary barada belläp geçdi.

Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Baýram Kulmuratow