Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglyk ugur Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bir söz bilen aýdylanda, häzirki wagtda ýurdumyzda welosiped sporty dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler üpjün edildi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmek üçin niýetlenen degişli döwrebap düzümler döredildi. Soňky ýyllarda Aşgabatda we sebitlerde gurlan ugurdaş desgalar halkara ülňülere doly laýyk gelýär. Ýylsaýyn bu herekete türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar. “Saglyk” döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ynha Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde hem talyplary sporta höweslendirmek, olary sportuň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga kömek etmek maksady bilen mekdebiň ussat bedenterbiýe mugallymy Maksat Saparbaýew hem özüniň sport otagynda ähli talyplara bedenterbiýe sapagynda sport bilen meşgullananda saglyga oňaýly täsir etjekdigi barada sportuň adam saglygyna örän uly peýdasynyň bardygy barada birnäçe gymmatly maslahatlaryny geçirip durýar. Şeýle-de Maksat mugallym mekdepden daşary geçirilýän sport bäsleşiklerine sporta höwesjeň talyplary welaýatymyzyň beýleki okuw jaýlarynyň talyplary bilen bäsleşiklere yzygiderli gatnaşdyryp durýar. Talyplary hormat hatlardyr sowgatlar bilen sylaglaýar. Munuň özi ýaşlary sporta barha taplanmagyna uly itergi berýär talyplaryň sporta bolan höwesleri barha artýar.
Goý, dünýäniň saglyk hem-de sport äleminde gülläp ösýän ýurt hökmünde eziz Watanymyzyň abraýy has-da belende göterilsin! Bizi asuda, parahat durmuşda ýaşadýan döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň Sanly ykdysadyýet hünäriniň 2-nji ýyl talyby: Şasoltan Gulbaýewa