“Ýaşlar innowassion tehnologiýasyny özleşdirýär”, ”Sanly ulgam we ýaşlar”
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň kompýuter otagynda 1-nji ýyl talyplar bilen Web sahypalary işläp düzmek boýunça ussatlyk sapagyny (master klass) geçirdi. Onda internetiň peýdaly taraplary howply we howply däl taraplary düşündirildi. Ýurdumyzda internet ulgamyna girilende gadagan edilen saýtlardan peýdalanmaly däldigi, bu saýtlaryň ýaş nesliň ruhy-ahlak ösüşine ýaramaz täsir edip, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli edep terbiýämize ters gelýän ýagdaýlaryň ýüze çykaryp biljekdigi we jemgyýetçilik kadalaryny bozup, jenaýata getirip biljekdigi barada aýdyldy. Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýetiň esasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklaryň sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy arkaly alnyp barylýan işleriň çäklerinde yzygiderli okuw we terbiýeçilik işlerini has-da dowamly kämilleşdirmek şeýle hem ýaş nesiliň kiberhowplardan, kiberhüjümlerden sosial “kibermedeniýet” sungatyny öwrenmek barada täsirli gürrüňler edildi. Häzirki wagtda inetrnet durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Aragatnaşyk, iş, güýmenje we başga-da köp maksatlar üçin ulanylýar. Şeýle-de bolsa, interneti ulanmagyň amatlylygy bilen bir hatarda howplary, maglumatlaryň gizlinligini bozmak we ş.m. ýaly howplar hem ýüze çykýar, şonuň üçin internet arassaçylygynyň düzgünlerini berjaý etmek we onlaýn çeşmeleri ulananyňyzda howpsuzlygy üpjün etmek möhüm roly oýnaýar diýlip bellenip geçildi. Talyplaryň internet toryndan peýdalanyp mekdebe gerekli bolan maglumatlary alyp okamaklygy hem-de okuwdan boş wagtlary internet bäsleşiklerine gatnaşmaklary maslahat berildi.
Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Geldimurat Jumamuradow