1-nji dekabrda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de polisiýa işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän döwründe ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, ses beriji we beýleki partlaýjy serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda baky Bitaraplyk baýramyny dabaraly bellemek hem-de golaýlap gelýän Täze ýyl baýramynda hiç hili tertip-düzgüni bozman gowy garş almak ýaly maslahatlary berdiler. Dabaranyň ahyrynda şeýle baýramlary dabaralandyrmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin Milli Liderimize hormatly Prezidentimize köp köp sagbolsun aýdylar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Mekan Annaýew