“Bitarap Türkmenistan adyň dillerde dessan”

3-nji dekabrda Daşoguz welaýatyndaky oba medeniýet öýünde baky Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli mekdebiň talyplarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Onda mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlaryň baky Bitaraplygymyza buýsançly çykyşlary diňlenildi. Golaýlap gelýän Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygyny ýokary derejede bellemek barada görülýän taýýarlyklar dogrusynda hem-de baýramçylyk mynasybetli birnäçe çäreleriňdir, duşuşyklaryň geçirilýändikleri barada aýdylyp geçildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň üçünji gezek tassyklanmagynyň eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň belende galandygyny aýtmak hem halkymyz üçin guwandyryjy wakadyr. Çäre talyp ýaşlara uly ruhubelentlik paýlady. Dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeklerinde aýdym bolup ýaňlandy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň

Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby: Azada Orazowa