Ýakynda Türkmen oba hojayk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşi bilen bilelikde Şäher Ýaşlar guramasynyň uly zalynda mekdebiň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Ýaşulylaryň nesihaty ýaşlara görelde” atly wagyz-nesihat düşündiriş çäresini geçirdi. Onda il sylagly ýaşulylaryň we kümüş saçly eneleriň nesihatlary diňlenildi. Onda ýaşlaryň ahlak taýdan arsassa bolmaklary, Watana, il-güne wepaly ogul-gyzlar bolup, halkymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmeklerini tabşyrdylar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp ýaşlara diňe okamak we halal zähmet çekmek galýar. Umuman geçirilen wagyz-nesihat çäresinde ýaşulylaryň hem-de mährem eneleriň gymmatly nesihatlary talyp ýaşlarda täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimize Milli Liderimize janlarynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Mekan Annaýew