“Adyň dillerde dessan-Bitarap Türkmenistan”

Golaýda Türkmen oba hojayk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşi bilen bilelikde Şäher Ýaşlar guramasynyň uly zalynda mekdebiň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Adyň dillerde dessan-Bitarap Türkmenistan” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabarada jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleriniň, mekdebiň talyp ýaşlarynyň hem-de il sylagly ýaşulylaryň kümüş saçly eneleriň yürek buýsançlary diňlenildi. Onda baky Bitaraplygymyzyň bize eçilen miweleri barada gazanylan üstünlikler dogrusynda we hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny uludan toýlamaga görülýän taýýarlyklar dogrusynda aýdyldy. Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimize Gahryman Arkadagymyza hoşallyklar Magtymguly Garlyýew adyndaky sungat mekdebiniň bagtyýar talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym bolup ýaňlandy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň direktory: Oraz Şallyýew