Bitaraplyk baky buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen, parahatçylygy, asudalygy söýüji, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinýän Türkmenistan barha belent sepgitlere eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň abraý-mertebesi has-da belende galýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2025-nji ýyl ata Watanymyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýär. Şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň Bütindünýä döwletleriniň goldamagy netijesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy dabaraly bellenilýär. Munuň özi, bu şanly ýylyň ähmiýetini ýene-de artdyrýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda’ Karanama kabul edildi we ol 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda ykrar nedildi.Bu bolsa, dana pederlerimiziň gadymdan gözbaş alýan ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dowamy bolup, taryhda şanly sahypany açdy.Türkmenistanyň hemişelik Bitaraaplygy halkara ykdysady we syýasy gatnaşyklary ösdürmegiň, deňhukuklylyk esasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýar.Ýurdumyzyň syýasatynda ulaglar, energetika, ekologiýa, saglygy goraýyş,syýahatçylyk pudaklary boýunça hyzmatdaşlyklar pugtalanýar. Gahryman Arkadagymyz “Bitarap Türkmenistan atly kitabynda: Türkmenleriň beýleki halklar bilen gatnaşyk edenlerinde mydama özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alandyklaryna taryh şaýatlyk edýär.Türkmen halky hemişe-de islendik jedelli meseläni çözmegiň, ilki bilen parahatçylykly ýoluny öňe sürüpdir. Şu ýagdaýlara baglylykda, taryhymyzyň özi şonda bize çylşyrymly ýagdaýdan çykmagyň dogry ýoluny görkezdi. Netijede, türkmen halky geljekki ösüşleriň ýeke-täk dogry ýoluny saýlap aldy” diýip, bu ýoluň bagtyýarlyk döwründe hem dowam edýändigini belleýär.

Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň ählumumy ösüşini, parahatçylygyny, halkyň abadançylykda ýaşamagyny kepillendirýär.

Goý, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitarap Watanymyz gülläp össün,ýaşyl baýdagymyz mydmama asmanda parlap dursun!

Hemişelik baky Bitaraplyk baýramy gutly bolsun!

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň

Sanly ykdysadyýet hünäriniň 1-nji ýyl talyby: Žasurbekowa Aziza