Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzyň toýdan-toýa ulaşýan şatlykly günlerinde ýurdumyza ýene bir buýsançly hawar gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň giň paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitap milli baýramçylyklarymyzyň ruhuna mynasyp sowgat boldy. Bu neşir hemişelik bitaraplygymyzyň ýagty ýörelgesini giňişleýin beýan edýär. Kitabyň many-mazmuny barada aýtsak onda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edildi-täze kitapda hut şu derejäniň taryhy ähmiýeti dolulygyna şöhlelendirilýär. Galybersede otuz ýylyň içinde gazanylan üstünliklerimiz barada giňişleýin beýan edilen. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary yzygiderli geçirilýär. Soňky otuz ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletimiz üçin özboluşly ösüş ýoluny açdy.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Mekan Annaýew