“Täze ýyl ýurduma şatlyk paýlasyn”

Garaşsyz baky Bitarap Diýarymyza hemmeleriň garaşýan Täze ýyl baýramy hem ýetip geldi. Bu baýramçylyk maşgala baýramçylygydyr. Her bir maşgalada agzybirlikde bellenilýän bu baýramy adamlar uly saçak bilen bezäp dürli-dürli naz nygmatlar bilen garşy alýarlar. Ýurdumyzda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ähli ýerlerde baýramçylyk dabaralary yzygiderli geçirilýär. Hemmeleriň ýüzlerinde şatlyk dolýar. Aýratynam köçelerde zerler, çyralar bilen bezelen ýan-ýodalardaky öwüşginler bagtyýar nesillere has hem şatlyk paýlaýar. Dogrudan hem indi her ýylda ýylymyza at berilmek asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2026-njy ýyl Bedew atymyzyň ýyly bolany sebäpli “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew Batly At-Myradyň Mekany” diýlip yglan edildi. Muňa halkymyz ýürekden buýsanýar. Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Akbibi Taýlakowa