“Talybyň ýürek buýsanjy”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ýenede bir şatlykly gün Täze ýyl baýramy hem ýetip geldi. Her bir ýylymyz öz ady bady bilen gelýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýylyň turuwbaşyndan Monako Knýazlygynyň Monte-karlo şäherinde geçirilýän 47-nji halkara sirk festiwalynda dünýä meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary bütin dünýä ýaşyl tugumyzy al asmana parladyp altyn kuboga eýe boldular. Biziň ýurdumyzda Bedew atlaryň sarpasy belentde tutulýar. Munuň şeýledigni ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda döwlet nyşanlarymyzyň döredilen wagtynda Döwlet tugramyzyň merkezinde iň gymmatly baýlyk hökmünde bedew atyň buýsançly keşbi ýerleşdirilmegi, her ýylda tutuş ýurdumyz boýunça Türkmen bedewiniň baýramy hem giňden bellenilýär. Mundan başga-da atçylyk akademiýasynyň, döwlet atçylyk sirkiniň, açylyp berilmegi, her welaýatyň merkezinde dünýä ülňelerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy atşynaslara hormatly atlaryň dakylmagy şeýle-de “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegide aýratyn bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2026-njy ýyly “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew Batly At-Myradyň Mekany” diýip yglan etdi. Muňa halkymyz ýürekden buýsanýar. Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň

Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby: Azada Orazowa