Ýanwar aýynyň 14-ne Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Şabat etrap komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Daşoguz welaýatynyň Täze oba medeniýet öýünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen aýdym-sazly dabara geçirdi. Dabarada mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Onda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň bu şanly senede belleniljekdigi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaralara, üstünliklere beslenip şanly seneler bilen dowam edýändigi dogrusynda, ýurdumyzda dost-doganlygyň, parahatsöýüjiligiň öňe sürülýändigi barada çykyşlar diňlenildi. Bu şanly ýylymyzyň bedew batly üsünliklere beslenjekdigine hem-de talyp ýaşlar ýylymyzyň şygaryna bedew atymyzyň keşbiniň öwüşgün çaýýandygyny çykyşlarynda uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda okamak, işlemek üçin döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sagbolsun aýtdylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Mekan Annaýew