“Gyz edebi sandykda”

Hormatly Prezidentimiz ýaşlar barada edýän her bir çykyşynda“Edep-ekram, arassa ahlaklylyk maşgalanyň berkliginiň görkezjisidir” diýip belleýşi ýaly, her bir maşgalanyň binýadynyň berkden bolmagy biziň türkmen zenanlarymyza bagly bolup durýar.Gahryman arkadagymyzyň paýhas çeşmesi kitabyndaky “Ýagşy ene-ýagşy gyza görelde” Edebim bar sarpam bar, Gyz geliniň edebi-maşgala mukaddesligi, Maşgalam-baş galam, ýaly dürdäne setirlerine nazar salanda şu günki ýaşlary edepli, ekramly, watansöýüji ýaşlar edip terbiýeläp ýetişdirmek her bir ynsanyň mukaddes borjudygyny öwrülýär.Şeýle göreldäni özinde jemleýän märiban enelerimiz hem zenanynda jemlenmeli mukaddeslikler barada ýaşlaryň arasynda giňişleýin belläp geçýärler. Biziň ýurdumyzda zenanlara, mukaddes ene-mamalarymyza goýulýan sarpa beýikdir.Halk arasynda gyz edebi barada juda köp gürrüňler edilýär.Türkmen maşgalasynda gyz edebi, çaga terbiýesi üns merkezinde saklanýar.Şonuň üçin şu günki günde ýaşlary watan söýji ruhda, ylymly-bilimli, edep-ekramly ýaşlar edip terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň Paýhas çeşmesi kitaby ýaşlara görelde mekdebi bolup durýar. Kitaby okanyňda onuň şeýledigine doly gözýetirýäň.Bilimli-ozar, bilimsiz tozar;Bilimli müň ýaşar, Bilim almak –iňňe bilen guýy gazan ýalydyr; Okap öwrenen alym-okaman özüne kast eden zalym; Mundan başgada “Orta asyrlar edebiýadynyň görnükli wekili” bilim barada şeýle ajaýyp jümleler aýdýar “Ynsan bilimli, parasatly bolsa, hiç wagt mala mätäç bolmaz” diýip belläp geçýär.

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy : Laçyn SARYÝEWA