Ylym bilen ösüşe barýan ýol!

Berkarar döwletiň Täze Eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz-tagallalary netijesinde ýaş-nesillere hünär öwrenmäge, bilimini kämilleşdirmäge, önümçilikde öz saýlap alan kärleriniň ussatlary bolmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Ynha şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp biziň Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde bahar paslynyň öňi syrasynda 2026-njy ýylyň 17-nji mart güni “Agroişewürlik” okuw-merkeziniň guramaçysy hem-de Daşoguz welaýatynda ýerleşýän ylmy-önümçilik synag hojalygynyň baş hasapçysy Baýram Artykowyň gatnaşmaklarynda mekdebimiziň talyp ýaşlary bilen bilelikde okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagynda tejribeli hünärmeniň önümçilikde alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Daşoguz welaýatynda ýerleşýän ylmy-önümçilik synag hojalygy pudagyň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Bu hojalyk ylmy-barlaglary geçirmek, täze tehnologiýalary synagdan geçirmek we ýokary hasyl berýän oba-hojalyk ekinlerini ösdürmek maksady bilen döredilen önümçilik merkezleriniň biridir.Ylmy-önümçilik synag hojalygynyň esasy wezipesi täze oba hojalyk usullaryny, tohum görnüşlerini we agro-tehniki çäreleri tejribede barlamakdan ybaratdyr. Bu ýerde alymlar we hünärmenler dürli ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, topragyň ýagdaýyny gowulandyrmak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça işler alyp barýarlar. Synag hojalygynda bugdaý, pagta, gök-bakja we beýleki oba-hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleri ösdürilýär. Şeýle-hem täze döredilen tohumlar synagdan geçirilýär we olaryň ýerli şertlere laýyklygy kesgitlenilýär. Bu bolsa oba hojalygynda ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu hojalyk diňe bir ylmy-barlag merkezi bolma, eýsem ýaş hünärmenler üçin tejribe mekdebi hem bolup hyzmat edýär. Bu ýerde talyplar we ýaş hünärmenler öz nazary bilimlerini amaly iş bilen utgaşdyrýarlar. Şeýlelik-de olar geljekde ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişýärler. Häzirki wagtda synag hojalygynda döwrebap tehnologiýalar giňden ulanylýar. Suwaryş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, täze tehnikalaryň peýdalanylmagy we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde önümçilik netijeliligi ýokarlanýar. Bu ýerde alnyp barylýan işler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge we oba-hojalyk önümçiligini ösdürmäge gönükdirilendir. Biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimize öz hoşallygymyzy bildirýäris.

Mekdebiň mugallymy, Agroişewürlik
merkeziniň guramaçysy
E.Welmedow