BAG EKMEK – GELJEGE GOÝLAN IŇ GYMMATLY MIRAS! “Bir agaç ek – bir ömürlik ýagşylyk et! ”

Tebigat adamzadyň iň gymmatly baýlyklarynyň biridir. Ony goramak, baýlaşdyrmak we geljek nesillere arassa ýagdaýda ýetirmek her birimiziň borjumyzdyr. Şonuň iň ýönekeý we täsirli ýollarynyň biri bolsa bag ekmekdir. Bag ekmek diňe bir tebigaty gözelleşdirmek däl, eýsem adamzadyň geljegine goýulýan gymmatly goşantdyr. Baglar daşky gurşawy arassalamakda möhüm rol oýnaýar. Olar howadaky zyýanly gazlary siňdirip, kislorod bölüp çykarýarlar. Şeýlelik-de hem baglar tomus paslynda salkynlyk berýär, howanyň temperaturasyny peseldýär we daşky gurşawy gözel edýär. Bag ekmek diňe ekologik taýdan däl, ykdysady taýdan hem peýdalydyr. Miweli baglar adamlary dürli peýdaly önümler bilen üpjün edýär. Alma, erik, üzüm ýaly miweler saglyk üçin örän peýdaly bolup, adamyň immunitetini güýçlendirýär. Şeýle hem bagçylyk arkaly goşmaça girdeji gazanmak mümkinçiligi hem bar. Bag ekmegiň özüne mahsus düzgünleri bar. Ilki bilen topragyň hiline üns bermek zerur. Şeýle hem bagy wagtynda suwarmak, dökün bermek we oňa ideg etmek onuň gowy ösmegine şert döredýär. Eger baglara dogry ideg edilse, olar ýyllarboýy bol hasyl berip biler. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bag ekmek, gök zolaklary giňeltmek we tebigaty goramak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işler ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini terbiýeleýär we olaryň daşky gurşawa jogapkärçilikli çemeleşmegini üpjün edýär.

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Eziz Welmedow