SPORT- SAGLYGYŇ GIREWIDIR.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde ‘’Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Bedew batly at-myradyň mekany ýylynda “Bütin dünýä saglyk güni’’ mynasybetli bedenterbiýe sport we sagdyn durmuş –medeni çäreleri Türkmenistan döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdydygyny dünýä aşgar edýär.Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda halkymyzyň sagdyn we eşretli durmuşyny ösdürmek,özgertmek barada geçirilýän işler bedew bady bilen has-da rowaçlanýar.Türkmenistanda durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça amala aşyrýan beýik işleri, ilkinji nobatda, döwletimiziň ýöredýän durmuş syýasatyna, onuň kanunçylyk taýdan üpjün edilişine ,lukmançylyk hyzmatlarynyň ugurlaryny kämilleşdirmäge her bir ynsanyň aň –düşünjesinde sagdyn durmuş ýörelgelerine endiklerini, ruhy hem-de ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmäge esaslanyp halkyň saglygyna aýratynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip berk bedenli Watanmyzyň ygtybarly geljegi ýetişmeklerine gönükdirlendir.Türkmenistanda berk bedenli bolmakda üstünlikli netijeleri gazanmak ýaşlaryň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar.Ýurdumyzda sporty ösdürmekde alnyp barylýan işleriň özeninde ýaş nesilleri sagdyn ruhda terbiýelemäge köpçilikleýin sport –sagaldyş hereketlerini kämilleşdirmäge, milli sport ulgamyny dünýä derejesine ýetirmäge gönükdirilen giň gerimli işler bar.Adamyň saglygy üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, ýagny kadaly iýmitlenmegi, zyýanly endiklerden daşda durmagy, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmagy,arassa howada işjeň hereket etmegi we sport bilen meşgullanmagy zerurdyr. Hereket saglygyň sakasy, esasy gözbaşy hasaplanýar.Halk köpçiligini sport – sagaldyş hereketlerine çekmek bilen döwlet derejesinde alnyp barylýan işlere bagtyýar ýaşlar işjeň gatnaşýarlar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Sanly ykdysadyýet hünäriniň 1-nji ýyl talyby:Göwher Pirjikowa