Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem zenan sarpasy jemgyýetimizi pugtalandyrýan egsilmez güýje öwrüldi. Zenanlara hormat goýmak, enelik hukugyna mukaddeslik derejesinde garamak döwlet syýasatynyň baş ýörelgeleri niň hataryna girýär. Edep bilen ahlak arasyndaky baglanyşyga düşünmek üçin ahlagyň nämedigine göz ýetirmeli. Ahlak arap sözi bolup, “hulk” sözüniň köplügidir. Hulk sözi, ynsanyň ruhy, wyždany, kalby we zehini bilen baglanyşykly ruhy tarapyny aňladýar. Hulk sözi, ynsanyň daşky keşbi, şekili bilen baglanyşykly maddy gurluşyny aňladýar. Ahlak ynsanyň ýaradylyşynda bar bolan hüý-häsiýetler, gylyklar we soň terbiýe ýoly bilen gazanylýan ruhy durmuşynda kök urup, endige öwrülen, ýeňil-ýelpaý taşlap bolmajak ýagşy-ýaman endikler diýmekdir. Mysal üçin: jomartlyk we dogrulyk ýa-da bularyň gapma-garşylygy bolan gysgançlyk we ýalançylyk. Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyz-gelinleri bilen “ Ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerik, ahlaklylyk şeýle hem gender deňligine hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen ula hormat goýmak hünärli bolmak, watansöýüjilik terbiýelemek barada wagyz-nesihat söhbetdeşligini guramak” – tema boýunça mekdebimiziň mugallymlary bilen wagyz-nesihat işlerini geçirildi.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünar okuw
mekdebiniň mugallymy: Wepa Garlyýew