Talyplar bilen hünärleri boýunça okuw platormalaryny we okuw programmalaryny ulanmagy boýunça ussatlyk sapagyny (master-klass)geçirildi.

Şu gün talyp ýaşlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak we okuw amalyýetine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, "Hünär kämilleşdirişde sanly platformalaryň we okuw programmalyrynyň ähmiýeti" atly ussatlyk sapagy (master-klass) geçirildi.Çäre talyplara diňe bir nazary bilim däl, eýsem öz hünärleri boýunça dünýä derejesindäki täzeçil programmalar bilen işlemek ukybyny ösdürmäge mümkinçilik berdi. "Häzirki zaman hünärmeni diňe bir diplomly bolman, eýsem üznüksiz üýtgeýän tehnologiýalara çalt uýgunlaşmagy başarmalydyr. Sanly platformalar bolsa bu ýolda iň ýakyn kömekçidir." Bu çäre talyplaryň geljekki hünär işine taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ädim boldy. Gatnaşyjylar alnan bilimleriň diňe bir okuw döwründe däl, eýsem işe ýerleşmek we hünär derejesini ýokarlandyrmak döwründe-de uly ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler.Ýaşlaryň sanly sowatlylygyny artdyrmaga gönükdirilen bu hili ussatlyk sapaklarynyň yzygiderli geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Sanly ulgama jogapkär mugallym:Garlyýew Wepa