Häzirki zaman jemgyýetinde ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde telekeçilik aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçin hem ýaş nesil telekeçilik ruhunda terbiýelemek, olara işewürlik ukyplaryny öwretmek möhüm meseleleriň biridir. Bu ugurda telekeçilik sapagy ýaşlara diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, olaryň durmuşda öz ornuny tapmaga, özbaşdak karar kabul etmegine we täze mümkinçilikleri açmaga giň ýol açýar. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp biziň Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda şeýle hem TSTB-niň “Telekeçiler mekdebi” JBK-nyň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni Ýedibaý Baýramdurdyýewiň talyp ýaşlara telekeçilik bilen bagly okuw sapagyny geçdi. Sapakda esasan telekeçilik işine goýuljak ilkinji ädimler babatda giňişleýin düşünje berdi. Telekeçilik sapagynyň esasy maksady-ýaşlara ykdysady pikirlenmegi öwretmek, işewürlik ukyplaryny ösdürmek we olaryň döredijilikli pikirlenmegine itergi bermekdir. Bu sapak arkaly talyplar diňe bir girdeji gazanmak hakynda däl, eýsem bazaryň işleýşi, müşderi bilen gatnaşyklary gurmak we töwekgelçiligi dolandyrmak ýaly möhüm ugurlary öwrenýärler.Telekeçilik häzirki döwürde diňe işewürler üçin däl, eýsem ähli hünär eýeleri üçin zerur başarnyklary talap edýär.Şonuň üçin bu sapak ýaşlaryň giň pikirlenmegine, täze ideýalary döredip bilmegine we geljekde üstünlik gazanmagyna uly goşant goşýar. Sapakda seredilen esasy ugurlar. Telekeçilik sapagy köpugurly bolup, birnäçe möhüm temalary öz içine alýar.Biznes meýilnamasyny düzmek- ideýany nädip iş ýüzüne geçirmek. Maliýe dolandyryşy- girdeji we çykdajylary dogry hasaplamak. Marketing we bazar gatnaşyklary- müşderi çekmek we hyzmat hödürlemek. Dolandyryş ukyplary- topar bilen işlemek we ýolbaşçylyk etmek. Töwekgelçiligi dolandyrmak- kynçylyklara garşy çäre görmek.Bu ugurlar talyplaryň diňe bir teoriýa taýdan däl, eýsem amaly taýdan hem ösüşini üpjün edýär. Telekeçilik sapagy ýaşlaryň öz-özüne bolan ynamyny güýçlendirýär. Olar öz ideýalarynyň gymmatlydygyna düşünýärler we ony durmuşa geçirmek üçin ilkinji ädimleri ädip başlaýarlar. Şeýle hem bu sapak olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürýär, täze pikirleri öňe sürmäge höwes döredýär.Bu sapakda talyplar diňe üstünlik hakynda däl, eýsem şowsuzlykdan sapak almagy hem öwrenýärler. Sebäbi telekeçilikde sabyrlylyk, yzygiderlilik we güýçli erk möhüm rol oýnaýar. Şeýle başarnyklar ýaşlaryň diňe bir işewürlikde däl, eýsem durmuşda hem üstünlik gazanmaga kömek edýär. Telekeçilik sapagynyň aýratynlygy- onuň amaly häsiýetli bolmagydyr. Talyplar dürli taslamalary ýerine ýetirip, kiçi biznes ideýalaryny döredýärler we ony durmuşa geçirmegi synap görýärler. Bu bolsa olaryň tejribe toplamagyna we real ýagdaýlarda özüni synap görmegine mümkinçilik berýär.Amaly işler arkaly talyplar müşderiler bilen aragatnaşyk gurmagy, hyzmat hödürlemegi we bazarda bäsleşmegi öwrenýärler. Şeýlelik bilen olaryň hünär derejesi ýokarlanýar we geljekde uly kompaniýalara çenli ösdürip bilýärler. Şeýle hem döwlet tarapyndan telekeçilere berilýän goldawlar ýaşlaryň bu ugurda öňe gitmegine giň mümkinçilik berýär.Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen telekeçilik täze derejä çykýar. Internet arkaly söwda etmek, hyzmat hödürlemek we halkara bazarlara çykmak mümkinçilikleri giňelýär. Bu bolsa ýaşlaryň mümkinçiliklerini has-da artdyrýar.Bu sapak olaryň pikirlenişini ösdürýär,döredijilik ukyplaryny güýçlendirýär we durmuşda üstünlik gazanmagyna ýol açýar. Telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlar diňe özleri üçin däl, eýsem jemgyýetiň ösüşine uly goşant goşýarlar.Telekeçilik sapagyny öwrenýän ýaşlar diňe bir iş gözlenýän däl, eýsem täze iş orunlaryny döredýän adamlara öwrülýärler. Olar kiçi biznesden başlap, uly kompaniýalara çenli ösdürip bilýärler. Şeýle hem döwlet tarapyndan telekeçilere berilýän goldawlar ýaşlaryň bu ugurda öňe gitmegine giň mümkinçilik berýär.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy Eziz Welmedow