SPORT –GÜÝÇ, GÖZELLIK,SAGLYK WE BELENT RUH.

Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi, diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmek. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanşygynyň gowlaşýandygy, süňňüniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykat. Beden sagdynlygy, akyl sagdynlygy, ruhy sagdynlyk ynsanyň esasy baýlygy, baş hazynasy. Şular gurat bolsa, beýleki baýlyklary gazanmagyň müşkil däldigi hemmä mälim. Ýaş nesliň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak – Hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Sagdynlyk, bedenterbiýe bilen meşgullanmak biziň durmuşymyzda iň wajyp ugurlaryň birine öwrüldi. 7-nji aprel güni Türkmenistan döwletimizde, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe –sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňlandyryldy. Ýagny, 2026–njy ýylyň 14-nji aprelinde Daşoguz agrosenagat orta hünar okuw mekdebiniň talyplary bilen Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebinde küşt, şaşka boýunça talyplaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşik diýseň çekeleşikli bolup, 1-nji oruna Ykdysadyýet we bugalterçilik hünäriniň 2-nji ýyl talyby Matýakubowa Sewara, 2-nji oruna Ýer gurluşygy we kadasdyrlary hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ballyýew Döwran, 3-nji oruna bolsa Sanly ykdysadyýet hünäriniň 1-nji ýyl talyby Jumabaýewa Karamat dagylar gymmat ýeňiji boldylar we bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýtýarys. .

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň Sanly ykdysadyýet hünäriniň 1-nji ýyl talyby Göwher Pirjikowa