Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçilik diňe bir iş alyp barmak däl, eýsem döredijilikli pikirlenmegiň, täze mümkinçilikleri tapmagyň we üstünlikli gazanmagyň esasy ýolydyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamynda telekeçilik sapagynyň ähmiýeti barha artýar. Munuň şeýledigine 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda Ykdysadyýet we buhgalterçilik dersleri usuly birleşmesiniň mugallymy Laçyn Saryýewanyň Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň şeýle-hem Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary bilen bilelikde “Telekeçiligi ösdürmegiň ähmiýeti” atly wideoşekilli okuw sapagy geçirildi. Telekeçilik sapagy ýaşlara özbaşdak pikirlenmegi, täze ideýalary döretmegi we töwekgelçiligi dolandyrmagy öwredýär. Bu sapak arkaly biz diňe bir işewürlik barada maglumat alman, eýsem durmuşda peýdaly boljak başarnyklary hem ösdürýäris. Telekeçilik sapagy bize maksada ýetmek üçin yzygiderli zähmet çekmegiň we kynçylyklardan gorkmazlygyň möhümdigini öwredýär. Sapak dowamynda biznes meýilnamalaryny düzmegi, maliýe serişdelerini dolandyrmagy we bazar gatnaşyklary barada giňişleýin düşünje berildi. Telekeçilik sapagy ýaşlaryň özüne bolan ynamyny güýçlendirýär. Sebäbi biz öz ideýalarymyzyň gymmatlydygyna düşünýäris we ony durmuşa geçirmek üçin ilkinji ädimleri ädip başlaýarys. Şeýlelik bilen biz diňe bir iş gözleýän däl, eýsem iş döredýän adamlara öwrülýäris. Telekeçilikde üstünlik gazanmak üçin diňe bir bilim ýeterlik däl. Sabyrlylyk, yhlas we güýçli erk hem zerurdyr. Ýalňyşlyklar we kynçylyklar her bir işiň bir bölegi bolup durýar. Ýöne sabyr edip, dowam eden adam ahyrynda üstünlik gazanýar. Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan telekeçilige uly goldaw berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň täze mümkinçiliklerinden peýdalanyp, öz işini açmagyna giň ýol açýar. Biz hem bu mümkinçiliklerden peýdalanyp, geljekde telekeçilik pudagynyň ösüşine öz goşandymyzy goşmalydyrys. Telekeçilik sapagy-bu diňe bir ders däl,eýsem geljege goýlan ygtybarly ädimdir. Bu sapak biziň pikirlenişimizi ösdürýär, döredijilik ukybymyzy güýçlendirýär we bizi üstünlik ýoluna ugrukdyrýar. Goý her birimiz güýjümize ynanyp, täze ideýalary döredip, geljegimizi öz elimiz bilen gurmaga çalyşalyň. Pursatdan peýdalanyp bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. .
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy Eziz Welmedow