Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä Welosiped güni 3-nji iýun ýurdumyzda we bütindünýäde iň sylanýan giňden bellenilýän halkara baýramlarynyň birine öwrüldi. Bu sene diňe bir sport çäresi däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgesiniň, ekologik medeniýetiň we jemgyýetçilik agzybirliginiň belent dabaralanmasydyr.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sporty ösdürmek we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Welosiped sporty we medeniýeti biziň jemgyýetimizde sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň çeşmesi hökmünde aýratyn orna eýedir. Ýurdumyzyň her bir künjeginde, aýratyn hem welaýat hem etrap merkezlerinde gurulýan döwrebap sport desgalary, welosiped ýodalary we geçirilýän köpçülikleýin welosiped ýörişleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem bu welosipedli ýörüşe Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdylar. “Sagdyn beden-sagdyn ruh” diýen pähime eýerýän halkymyz üçin Bütindünýä welosiped güni diňe bir seneler senenamasyndaky baýramlar däl, eýsem bagtyýar durmuşyň, sagdyn geljegiň we döwletimiziň kuwwatly ösüşleriniň kepilidir. Galkynyşly we dabaraly geçýän bu baýramçylyk, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterip, bizi sagdyn we ýagty geljege tarap ynamly ädimler bilen alyp barýar. Her bir raýatyň saglygy-Watanyň baýlygydyr!
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Mekan Annaýew