Watan goragy – mukaddes borç

Daşoguz agrosenagat orta hünär mekdebinde «Watan goragy mukaddesdir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu çäre ýaş nesilleri watançylyk, merdanalyk we mukaddes borja wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen guraldy.

Duşuşygy mekdebiň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Orazowa Aýgözel, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de mekdebiň Agrar partiýasynyň başlygy Dessan Orazow dagylar alyp bardylar. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watana bolan söýginiň, harby borjuň we kämil şahsyýet bolup ýetişmegiň ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler.

Duşuşyga mekdebimiziň «Ykdysadyýet we Buhgalterçilik» hünäriniň 1-nji ýyl talyby Bäşimow Mekan hem işjeň gatnaşyp, ýaşlaryň harby borja bolan garaýşyny we mukaddes Watanymyzy goramagyň her bir raýatyň borjudygyny aýratyn belledi. Şeýle çäreler talyplarda watançylyk duýgularyny has-da berkidýär.

Ýaşlar mukaddes harby borja hemişe wepaly boljakdyklaryna, Watanyň we jemgyýetiň ösüşine öz ykdysady we buhgalterçilik bilimleri bilen mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Duşuşyk ýaş nesliň watançylyk ruhuny has-da belde göterip, olary täze üstünliklere ruhlandyrdy we ata-babalarymyzyň merdana ýollaryny dowam etdirmegiň her bir ýaşyň mukaddes borjudygyny ýene bir gezek subut etdi.

Çäräniň iň soňunda milli gymmatlyklarymyzy, parahatçylygymyzy we bilim almaga döredip berýän ähli şertleri üçin Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykan minnetdarlyk sözleri aýdyldy hem-de olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy:M.Mämedow