Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleri watanperwerlik, ynsanperwerlik we belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen, 2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlary merdanalyk, mertlik, watanperwerlik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserleri esasynda tegelek stoluň başynda dabaraly söhbetdeşlik guraldy.
Geçirilen çäräniň dowamynda mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň galamyna degişli bolan gymmatly eserleriň ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegindäki, olaryň kalbynda Watana bolan söýgini berkitmekdäki we ynsanperwerlik häsiýetlerini kemala getirmekdäki ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler.
Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde okuw mekdebimiziň işjeň talyplary we gurama wekilleri özleriniň täsirli çykyşlary bilen tapawutlandylar. Hususan-da, "Buhgalter hasaba alyş" hünäriniň talyby Bäşimow Mekan we "Kompyuter torlary" hünäriniň talyby Kuýlymyradow Hürmet öz çykyşlarynda Arkadagymyzyň eserlerinde öňe sürülýän mertlik, gahrymançylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ýaşlar üçin gözbaş bolup hyzmat edýändigini aýratyn bellediler. Şeýle hem, mekdebiň Ýaşlar guramasynyň başlygy Orazowa Aýgözel çykyş edip, talyp ýaşlaryň arasynda milli gymmatlyklarymyzy, watanperwerlik duýgularyny ösdürmekde şular ýaly çäreleriň ähmiýetiniň örän uludygyny aýtdy we guramanyň öňünde duran wezipelere ünsi çekdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Aýgözel Orazowa