Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sporta bolan höwesini artdyrmak we ýeňil atletikany ösdürmek maksady bilen sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça kross ýaryşy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, ýaş nesilleriň sagdyn, kämil bolup ýetişmeklerine uly üns berilýär. Bu bäsleşik hem şol ugurdaky işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Ýaryşa okuw mekdebimiziň talyp türgenleri uly işjeňlik we ýokary taýýarlyk bilen gatnaşdylar. Çylşyrymly we gyzykly geçen bäsleşigiň dowamynda talyplar özleriniň çydamlylygyny, tizligini we ýeňşe bolan ynamyny görkezdiler. Tomaşaçylaryň gyzgyn goldawy astynda geçen kross ýaryşy talyplaryň agzybirligini we sport ruhuny has-da berkitdi.
Bäsleşigiň ahyrynda iň ýokary netijeleri görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlar okuw mekdebimiziň ýolbaşçylygy we sport guramaçylary tarapyndan dabaraly ýagdaýda gutlanyldy hem-de Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy. Şeýle sport bäsleşikleri talyp ýaşlaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde we olary sporty yzygiderli söýmäge höweslendirmekde uly ähmiýete eýedir.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Aýgözel Orazowa