Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Laçyn Saryýewa

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesil hakynda edilýän aladalar özüniň oňyn netijelerini berýär. Olaryň okamagy, döwrebap bilim almagy, döwrüň ösen sanly ulgamyndan — innowasion tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň geljegi bilen bagly ähli möhüm meseleleri hemişe özüniň üns merkezinde saklaýandygy hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Munuň aýdyň mysalyny golaýda ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen möhüm ähmiýetli çärelerde hem görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de ba şarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş etmelidir» diýip belläp geçdi hem-de uly höwes bilen okamagy, öwrenmegi, döretmegi bagtyýar ýaşlarymyzyň borjy hasaplaýandygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň bildirýän belent ynamy ýaşlar üçin üstünliklere ruhlandyrýan güýç, özleriniň ukyp-başarnyklary, zehinleri bilen Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine saldamly goşant goşmaklarynda ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.