Dalaşgärlere


1

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw  mekdebi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.

2. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalyk pudagynda).

4. Gidromeliorasiýa.

5. Weterinariýa.

6. Maglumat ulgamlary (oba hojalyk  pudagynda).

7. Oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy.

8. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.

9. Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi.

10. Daýhan hojalygyny dolandyrmak.

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl.

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw  mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly — 21-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň  tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp  resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde  (Daşoguz şäheri) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 24-25-i, 27-si we 28-i günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

hünärler: oba hojalygynyň mehanizasiýasy; gidromeliorasiýa; maglumat ulgamlary; oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi; weterinariýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: daýhan hojalygyny dolandyrmak; buhgalterçilik hasaba alnyşy; ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş; ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw  mekdebiniň salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Ýolçy köçesi, 370, tel.: 6-45-58.