“El hünäriň ýörelge, ulus-ile görelde”

Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär mekdebinde talyp gyzlaryň arasynda “El hünäriň ýörelge, ulus-ile görelde ”atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna görä, talyp gyzlar sungatyň dürli görnüşleriniň üsti bilen el işlerini beýan etdiler. Bäsleşigiň esasy maksady halkymyzyň pähim paýhasyndan, eli çep ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halylardyr gülli keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini döretmekden ybaratdyr. Gözelligi duýmak, ony el işlerinde beýan edip bilmek ukybyny ösdürmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik çeper elli ýaşlary ýüze çykardy.

Bäsleşige hödürlenen el işleri dürli öwüşginliligi bilen tapawutlandy. Bäsleşige gatnaşyjylar halkymyzyň milli mirasyna degişli alaja taýýarlamak, keşde çekmek, tahýa, gaýma gaýamak, jorap örmek ýaly el işlerini eminleriň dykgatyna hödürlediler. Bäsleşige hödürlenen el işlerinde milli senetçilik önümleriniň gadymdan gelýän dessurlary bilen ýaşlaryň döredijilikli çemeleşmesiniň özboluşly sazlaşygy aýdyň duýuldy.

Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleriniň ählisi-de nepis sungat hasaplanylýar. Milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Ýurdumyzyň her bir güni guwandyryjy we buýsandyryjy wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp zamanada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşdir özgerişlerini, halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny, ruhy mirasyny wagyz etmekde hem uly işler alnyp barylýar.

Müň ýyllyklaryň içinden baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary, edim-gylymy we ajaýyp däp-dessury bar. Bu gymmatlyklar ösdürilip, kämilleşdirilip biziň günlerimize ýetirilipdir.Gadymy hem-de baý milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge, olaryň ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär mekdebinň

Ilkinji zenanlar guramasynň başlygy

Akbibi Taýlakowa