“Spelling Bee“ bäsleşigi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlyk we gatnaşyklar ösdürilýär. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara daşary ýurt dillerini we olaryň medeniýetini öwretmek maksady bilen biziň mekdebimizde uly işler edilýär.

Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen mekdebiň 1-nji ýyl talyplarynyň arasynda 2023-nji ýylyň maý aýynyň 22-i “Spelling Bee“ atly iňlis dilinde sözleri dürs harplamak bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigi Oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy hünäriniň zehinli talyby Kasimbaýewa Farida alyp bardy. Bäsleşigi geçirmek üçin Kasimbaýewa Farida gerekli maglumatlary toplap, prezentasiýa taýýarlady. Soraglar 6 sany kategoriýalardan we her kategoriýa özünde 10 sany gyzykly sözleri jemledi. Bäsleşik örän şowhunly derejede geçdi we talyplaryň göwnüne ýarady. Talyplar gurnaýjylara minnetdarlyklaryny bildirip, geljekde ýene şeýle bäsleşikleri köpräk geçirmegini isleg bildirdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri: 1-nji orun: Maglumat ulgamlary hünäriniň talyby Seýdmedow Ş., 2-nji orny: Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň talyby Alimbaýewa D., 3-nji orny: Maglumat ulgamlary hünäriniň talyby Berdiýewa A. eýelediler.

Emin agzalary hökmünde mugallymlar Kuläýew U. we Adamowa L. gatnaşdylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary gowşuryldy.

Daşoguz Agrosenagat orta

hünär okuw mekdebiniň

mugallymy: L. Adamowa