Ikebana ýasamak

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz diýarymyzyň Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, talyp ýaşlaryň arasynda ylymly, bilimli, sagdyn, ruhubelent ýaşlary ýetişdirmäge mümkinçilikler döredilýär.

2023-nji ýylyň maý aýynyň 29-da Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünar okuw mekdebiniň Ösümlikçilik we topragy öwreniş dersleri usuly birleşmesiniň guramagynda Agronomçylyk hünäriniň talyp ýaşlary bilen “Ikebana ýasamak” atly çäre geçirildi.

“Ikebana ýasamak” boýunça geçirilen bu çärede esasan hem talyp ýaşlaryň öz ussat başarnyklary we el hünärleri bilen gök ekinleriň ikebanalary ýasaldy. Talyp ýaşlaryň arasynda ikebana ýasamak boýunça geçirilen ýaryşda ýeňiji bolan talyp ýaşlara hormat hatlary gowşuryldy.

Bu gün sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alýan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny” uly ösüşlere we özgerişlere, üstünliklere beslemek maksady bilen joşgunly zähmet çekýän halkymyz gözel tebigatymyzyň eçilýän baýlyklaryna uly sarpa goýup ýaşaýar. Halkymyzyň saglygy we bagtyýarlygy ugrunda uly alada edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Gaýypowa Merjen