Mekdebimiziň ýaş şahyrlary ýaryşdylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň paýhas çesmesinden gözbaş alýan atalar sözleridir nakyllary hem-de akyldar şahyrlarymyzyň nusgawy eserlerini ylmy taýdan öwrenmek, halka wagyz etmek,bagtyýar nesillerimizi döwrebap derejede sanly tehnologiýalara daýanyp milli öwüşginde terbiýeläp, watansöýüji ilhalar, ynsanperwer, giň düýägaraýyşly kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Akyldarlar aýtmyşlaýyn, «döredijiligiň çür başy — şygryýetiň», ýagny kalbyň jümmüşinde döräp, kükregiňi aldym-berdime salyp, durkuňy sarsdyran nepisden inçe duýgyny pikir bilen ýugrup, soňra-da şahyrana galyba salyp bilmek başarnygyny talap edýän şygryýetiň ynsana täsiri-de başgaça.

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp mekdebiň talyplarynyň arasynda şahyryň ömür ýoluny beýan edýän goşgy döretmek döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň netijesinde 1-nji orna mekdebimiziň talyby Kurambaýewa Zerewşan , 2-nji orna Kulyýewa Bagül, 3-nji orna bolsa Derýaýewa Merjen mynasyp boldy. Ýeňiji bolan talyplara Hormat hatlary we höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: B. Kulmuratow