Himiýa we biologiýa derisleri boýunça bäsleşik

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlaryň arasynda himiýa we biologiýa derisleri boýunça zehin bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige her toparda 6 adamdan ybarat bolan jemi 4 topar gatnaşdylar. Bäsleşigiň dowamynda himiýa we biologiýa derslerine degişli bolan zehin soraglary berildi. Bäsleşik çekeleşikli dowam edip netijede üçünji orna mekdebiň “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” hem-de “Maglumat ulgamlary” hünärleriniň ýygyndy toparynyň talyplary mynasyp boldular. Ikinji orna “Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary” hünäriniň ýygyndy toparynyň talyplary mynasyp boldular. Birinji orna “Oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy” hem-de “Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi” hünäriniň ýygyndy toparynyň talyplary mynasyp boldular. Talyp ýaşlarymyz mekdebimiziň ýolbaşçylary tarapyndan hormat hatlar we sowgatlar bilen sylaglandylar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: A.Pälwanow