“Hany bakaly, gyzlar!“ atly bäsleşik

Halkara Nowruz güni mynasybetli mekdebiň 1-nji ýyl talyp gyzlarynyň arasynda “Hany bakaly, gyzlar!“ ady bilen aýdym-sazly dabaraly bäsleşigini geçirildi. Bäsleşikde emin agzalar tarapyndan adalatly baha berlip, I-nji oruna Maglumat ulgamlary hünäriniň 1-nji ýyl talyp gyzlary, II-nji oruna Weterinariýa hünäriniň 1-nji ýyl talyp gyzlary, III-nji oruna Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň 1-nji ýyl talyp gyzlary mynasyp boldular we hormat hatlar we sowgatlar gowşuryldy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: P. Ýegennazarow