Hoş geldiňiz!

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

Doly okamak

1
Okuw mekdebimiz barada

Maglumat

Mekdep Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 25-nji iýunyndaky “Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek hakynda” 11106 belgili karary esasynda döredildi...

Doly okamak

Okuw mekdebimiz

Orta hünär okuw mekdebimiz 2010-njy ýyldan bäri oba hojalyk hünärmenlerini taýýarlaýar.

Mugallymlar

Okuw mekdebimizde ýokary derejede bilim berýän mugallymlaryň 28-sanysy zähmet çekýär.

Talyplar

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde 494-sany talyp bilim alýar.

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Gidromeliorasiýa
  2. Weterinar lukmançylygy
  3. Oba hojalyk önümlerini öndürmegiň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy
  4. Oba hojalygynyň elektrik üpjünçiligi we awtomatikasy
  5. Ykdysadyýet we önümçiligi guramak (oba hojalygynda)
  6. Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy (oba hojalygynda)
  7. Sanly ykdysadyýet
  8. Maglumat ulgamlary we programmirlemek (oba hojalygynda)
  9. Ýer gurluşygy we kadastrlar
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl.
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly - 19­njy awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Daşoguz şäheri) 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i, 25-si we 26-y günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
hünärler: gidromeliorasiýa; maglumat ulgamlary we programmirlemek (oba hojalygynda); oba hojalygynyň elektrik üpjünçiligi we awtomatikasy; ýer gurluşygy we kadastrlar - matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: oba hojalyk önümlerini öndürmegiň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy; weterinar lukmançylygy - biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: ykdysadyýet we önümçiligi guramak (oba hojalygynda); ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy; sanly ykdysadyýet - matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Ýolçy köçesi, 370, tel.: 6­45­58

Ýurdumyzyň we okuw mekdebimiziň täzelikler bölümi